"Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän ýokary derejeli "Gämi" myhmanhanalar toplumy we sagaldyş merkeziniň “Nebitçi” myhmanhanasy 2009-njy ýylyň 09-njy oktýabrda ulanyşa berildi. ”Nebitçi” myhmanhanasynda 110 otag bar we 220 adamy kabul etmäge niýetlenendir.
Giňişleýin
Ýokary derejeli "Gämi" myhmanhanalar toplumy we sagaldyş merkeziniň “Arzuw” saglygy dikeldiş merkezinde mugt internet hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi bardyr. Saglygy dikeldiş merkezinde 58 adam üçin niýetlenen mejlisler otagy, 138 orunlyk kinokonsert zaly, işewürlik otagy, çagalar otagy, 2 sany içki howuz, 3 sany daşky howuz, şolardan biri akwapark howuz, ikinjisi çagalar üçin howuz we futbol meýdançasy, mini futbol, woleýbol, basketbol meýdançalary, tennis korty, çagalar üçin oýun meýdançasy, hem-de tomusky bar, lobbi bar, 2 sany restoran, bilýard otagy bardyr. Saglygy dikeldiş merkezinde müşderilere 3 wagtyna nahar berilýär, şeýle-de dynç alýanlaryň isleglerine görä buýurmalar boýunça hem tagamlar taýýarlanylýar.
Giňişleýin
350 orunlyk Ýokary derejeli “Gämi”myhmanhanasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Arkadag şaýolunda ýerleşýär. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän hyzmatyň ýokary derejesi myhmanhananyň esasy aýratynlygydyr. Her ýylda Hazaryň kenaryna dynç alýanlaryň müňlerçesi gelýär. Şu ýerde, dynç almak üçin şol sanda maşgala bolup wagtyňyz peýdaly geçirmek üçin döredilen amatly şertler, ýokary hilli hyzmat we gyzykly pursatlar bu ýerde diňe bir tomus paslynda däl eýsem, ýylyň tutuş dowamynda dynç almak, saglygyňy berkitmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.
Giňişleýin
Türkmenbaşy şäheriniň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän ýokary derejeli "Gämi" myhmanhanalar toplumy we sagaldyş merkeziniň “Serdar” myhmanhanasy türk kompaniýasy "Gamma AŞ" tarapyndan gurulyp, 2001-nji ýylda ulanylşa girizildi. “Serdar” myhmanhanasy 191 orunlyk. Tutýan meýdany:19347,50 m2.
Giňişleýin